Ylmy we okuw-usuly maslahaty geçirildi


     2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň «Türkmen sazşynaslyk ylmynyň derwaýys meseleleri» atly ylmy we okuw-usuly maslahaty geçirildi. 
     Maslahatyň başynda konserwatoriýanyň Sazyň taryhy kafedrasynyň müdüri, uly mugallymy Bahargül Ýakubowa giriş sözi bilen çykyş etdi we öz çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň öz saýlap alan ylmy temalarynda alyp barýan ylmy gözleg we okuw-usuly işleri barada çykyş etdi. 
      Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Agajan Açylow çykyş eden «Dünýä ylmynda ders aragatnaşyk meseleleri» temasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna gönükdirilen, ýaşlara watansöýüjilik, ruhy-ahlak we estetiki terbiýe bermek meselelerini açyp görkezdi, bu maksatlary durmuşa geçirmek üçin ders aragatnaşyk meseleleriniň ähmiýetini nygtady, şeýle-de häzirki zaman alymlaryň alyp barýan işlerinde ders aragatnaşyk konsepsiýasynyň nazary (teoretiki) esaslary bilen tanyşdyrdy.   
       Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedow çykyş eden «Bagşy sazandarlyk sungatynyň nesilden-nesle geçmegi» temasynda halypadan şägirde, nesilden nesle geçip, ýüz ýyllyklardan dowam edip gelýän milli professional bagşydyr-sazandalaryň aýdym-saz sungatynyň taryhyndan gyzykly maglumatlary beýan etdi. Milli sungatymyzyň ajaýyplygyny, inçeden şirinligini, milli duýgulary bermek özboluşlylygy bilen tanyşdyrdy. Bu babatda Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewiň we Öwezdurdy Welmmämmedowyň, Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenyýaz Nobatowyň we Gurt Ýakubowyň, şeýle-de ussat sazandalar Durdy Myradowyň we Durnazar Hudaýberenowyň aýdym-saz döredijiliginiň  aýratynlyklary barada baý maglumatlary berdi. 
       Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty Leýli Seýytkulyýewa çykyş eden «Edebi usullaryň öwreniliş taryhy we XX-XXI asyr türkmen edebiýatynyň döwürlere bölüniş meselesi» temasynda ilkinji nobatda XX-XXI asyr türkmen edebiýatynyň döwürlere bölüniş meseleleri we edebiýat usulyýetiniň öwreniliş taryhyny beýan etdi. Aspirant öz çykyşynda: Gadymy döwür türkmen edebiýaty, orta asyr türkmen edebiýaty, şeýle-de XVIII, XIX, XX, XXI asyr türkmen edebiýatynyň döwürleri we her bir belli döwürde Nurmuhammet Аndalybyň, Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň türkmen edebiýatyndaky orny barada, şeýle-de edebiýatda romantizm, realizm, modernizm ýaly usullary we stilleri barada giňişleýin düşündiriş berdi.    
      Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Gözel Magtymgulyýewa çykyş eden «Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sazşynaslygyň ähmiýeti barada» temasynda ylmy-tehniki ösüş, maglumatlaryň üznüksiz artmagy, ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň we sungatyň öňünde duran meseleleri barada, şonuň bilen baglylykda okuwyň dowamynda döredijilik pikiriniň emele gelmegine we ösmegine gönükdirilen täze ugurlaryň we usullaryň gözlegi saz pedagogikasynda esasy orunlaryň birini eýeleýänligi barada maglumatlary berdi. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ýokary pedagogiki okuw mekdeplerinden öňde goýulan meseleleri çözmekde täze ylmy çeşmeleri hödürledi, şeýle-de, saz sungatynda sazşynaslyk hünäriniň aýratyn wezipesi we ähmiýeti barada täze ylmy maglumatlary hödürledi.   
      Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň ýaş mugallymy, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär Gülşirin Çaryýewa çykyş eden «Magtymgulynyň sözlerine Çary Nurymowyň döreden wokal eserleri» temasynda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly şygyrlarynyň halkyň, bagşylaryň we şonuň bilen baglylykda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden saz eserlerinde tutýan uly ornuny nygtady. Ol meşhur kompozitor Çary Nurymowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden «Armanym galdy», «Ýüzüňden», «Bikararam dogrusy», «Oýanmaz», «Galaýam» ýaly aýdymdyr-romanslarynyň sazşynas hökmünde ýerine ýetiren ylmy derňewiniň netijeleri bilen çykyş etdi. Dalaşgär öz çykyşynda Çary Nurymowyň aýratyn ýazuw usulyny, häzirki zaman dünýägaraýşyny, türkmen milli saz folklor çeşmelerini ýewropa sazynyň žanrlary bilen çuňňur utgaşygyny açyp görkezdi.
        Maslahatyň dowamynda ylmy temalar boýunça çykyş edenleriň we maslahata gatnaşyjylaryň arasynda gyzykly sorag-jogaplar alyndy. 
     Maslahata gatnaşanlar talyp ýaşlar üçin bilimleriň çuň many mazmunyny ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimize Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan tutumly işleinde hemişe rowaçlyk arzuw edildi.


Mähri Suwhanowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
"Kirişli saz gurallary" kafedrasynyň mugallymy.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm