Ussat pianinoçynyň talyplar bilen duşuşygy
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Şunluk bilen Türkmenistan Watanmyza Russiýa federasiýasynyñ pianinoçysy Dmitriý Masleýew myhmançylyga geldi.
Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internadyna Russiýa federasiýasynyñ pianinoçysy Dmitriý Masleýew, pianinoçy ýaş zehinli talyplary diňlemäge geldi. Mekdebiň kiçi zalynda zehinli ýaşlar bilen bilelikde sapak geçip hem-de sazlaryny diňläp, ýerine ýetirdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň “Fortepiano” hünäriniñ talyplary Rahmanowa Ogulnäzik, Ataberdiýew Çaryýar, Salyhowa Selbi, Batyrowa Medine, Ýagdyýew Perman, Ýagşymyradow Erjel, Komiljanow Şaislam dagylar çykyş etdiler. Sapagyň esasy maksady milli hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga gönükdirildi.
Ussatlyk sapagyň dowamynda myhman Dmitriý Masleýew talyplara doly we gowy maslahatlary berip ýewropa sazlaryndan birnäçesini ýerine ýetirdiler. Sapagy örän gyzykly we täsirli bolup geçdi. Ussatlyk sapagy pikir we tejribe alyşmaga uly mümkinçilik döretdi. Sapagyň soňunda myhmanlar öz hoşallyklaryny bildirip mugallymlar we talyp ýaşlara sungat ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Şeýle mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Aýjemal Hojaýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri.
