«Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň mugallymlarynyň bilelikdäki konserti


    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Ata watanymyz   Türkmenistan bedew bady bilen günsaýyn ynamly öňe barýar, ösýär, özgerýär.  
Türkmen halkynyň milli Lideri Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her bir günlerimiz toýdur baýramlara şanly senelere uly şowhuna beslenýär. 
      Ine ýaňy ýakynda bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlarynyň arasynda geçirilýän “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly saz festiwalynyň açylyş konserti geçirildi. 
      Konsert  “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň ýaş mugallymlary Meýlis Goçmyradowyň we Ogulbagt Maşadowanyň bilelikde birnäçe aýdymlary ýerine ýetirmeginde geçirildi. 
İlki bilen konserte ýaş zenan mugallym  Ogulbagt Maşadowanyň birnäçe halk we nusgawy aýdymlary aýtmagynda başlandy. Onuň ýerine ýetirmeginde Ata Ablyýewiň Hudaýguly Allamyradowyň sözlerine döreden  “Dostum sen”,  P.Şyhymowyň  S.Aýdogdyýew sözlerine düzen  “Geldiňmi”,  ýenede  A.Ablyyewiň  A.Lokgaýewiň sözlerine düzen   “Halyçy gelin” atly mukamçy kompozitorlaryň aýdymlary bilen  gyzgalaňly dowam etdi. Soňra bolsa ol öz çykyşynyň dowamynda “Haraýym döndi” we  “Kim biler” atly türkmen halk aýdymlary bilen öz konsert çykyşyny gyzgalaňly jemläp, konsertde oturanlaryň uly gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. 
Soňra bolsa konsertde «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi  Meýlis Goçmyradowyň ýerine ýetirmeginde birnäçe halk we mukamçy kompozitorlaryň aýdymlary ýaňlandy. Ol ilki bilen  sazy Akmyrat Çaryýewe sözleri Salyh Aýdogdyýewe degişli bolan “Mähirli” atly  aýdymy bilen öz konsert çykyşyna başlady. Soňra bolsa ol çykyşynyň dowamynda  Türkmenistanyň halk artisti, halypa-professor Ý.Nurymowyň  Hajymyrat Kakalyýewiň sözlerine degişli  “Türkmenistanym meniň” aýdymy bilen öz çykyşyny dowam etdi. 
Konsertiň jemleýji pursatlarynda bolsa, bagşy Türkmen halk sazy  “Döwletýar gyrk” – yň heňine  Daglara,  “Saryýa” (Mukamlar başy) hem-de  türkmen halk aýdymy “Saparmämmet” bilen jemledi.
      Konsert çykyşy jemlenenden soňra Halypa mugallymlar hem  öz gezeginde Ogulbagt Maşadowa hem-de Meýlis Goçmyradow hakda  birnäçe gowy arzuwlary aýtdylar hem-de Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýlaryna mynasyp bolup owazlary mundan hem beýlak belentden belent ýaňlanmagyny arzuw etdiler we kafedranyň halypa mugallymlary, talyplary bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdiler..

Gülnabat Nazarmedowa, 
     Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
         “Halk sazy”fakultetiniň 
Bagşy hünariniň IV ýyl talyby


 


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm