Hoşallyk maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň çözgütlerinden kararlaryndan gelip çykýan wezipelerinden ugur alyp “Ajap döwrüň baky bagtyň eýesi, Arkadag Serdarly bagtyýar halkym” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Eziz Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň arşa galýan zamanasynda - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan bimöçber işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara beslenip gelýän halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlyk toýynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahat köşgünde milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu mejlisde döwletimiziň durmuş - ykdysady ösüşiniň netijeleriniň jemi we gazanylan üstünlikler hem-de täze taryhy döwürde öňde duran derwaýys meseleler barada maslahatlaşyldy.
Ine şu günki geçirilen hoşallyk maslahatynda çykyş eden konserwatoriýanyň halypa mugallymlary “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň halk bagşysy Rejepdurdy Begenjow, “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymlary Annanabat Hojamämmedowa, Gülşirin Otuzowa, “Ýekelikde aýdym aýtmak” kafedrasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitkulyýewa, şol dabaraly halk masalahatyna gatnaşan bagtyýar talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda durmuşa geçirilýän belent özgertmerler, halk maslahatynda kabul edilen döwlet ähmiýetli kararlar dogrusynda giňişleýin çykyş edip özleriniň ýürek buýsançlaryny paýlaşdylar.
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredip berýän ähli mümkinçlikleri üçin beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Röwşen Ataýew,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazyň taryhy" kafedrasynyň mugallymy
