Watanymda sungatyma sarpa bar...


      Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň sabalary şirin aýdym-sazlara, söhbetlere dolýar. Şeýle ajaýyp günlerde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de “Aşgabat” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Aşgabadyň şowhuny” atly gepleşigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň halk artisti Gözel Öwezowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çynar Jumaýewa hem-de konserwatoriýanyň talyplary we birnäçe myhmanlar gatnaşdylar. Gepleşikde döwrümiziň ösüşini wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar, dost-doganlyk halklaryň dillerinde birnäçe aýdymlar joşgunly ýaňlandy. Şeýle-de halypa-şägirtlige uly üns berilýän döwrümizde halypalar bilen talyplaryň arasynda birnäçe gyzykly sowallar gepleşigiň şowhunyny has-da artdyrdy. Şirin owazly, söhbetli duşuşykda halkyna baky bagty peşgeş beren hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza buýsançly sözler dillerde sena bolup ýaňlandy. 
    Halkyna eşretli zamanany peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň, mähriban Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli tutumlary röwşen ýollarda rowana bolsun! Elmydama Watanymyzda mahmal owazlar ýaňlanyp dursun!


Keýik Artykowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Saz mugallymy” kafedrasynyň V ýyl talyby.






Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm