Italiýan aýdymçysy türkmen ýaşlar bilen

    
      Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Italiýa döwletiniň belli opera aýdymçysy Matteo Lippiniň gatnaşmagynda ussatlyk sapagy geçirildi. Bu geçirilen sapaga konserwatoriýanyň mugalymlary, talyplary işjeň gatnaşdylar. 
Ussatlyk sapagynyň dowamynda “Aýdym aýtmak” sungaty hünäriniň talyplary Wepa Allaşow, Kadyr Esenow, Mansyr Şaripow, Atajan Hemraýew, Sähra Akmämämmedowa, Nazar Garaýew, Aýnepes Kakaýew dagylar meşhur operalardan bölekleri ýerine ýetirdiler we ussat Italiýaly opera aýdymçysynyň bu aýdymlary ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary barada aýdan peýdaly maslahatlaryny diňlediler. 
Matteo Lippiniň talyplar bilen bilelikde sapak geçmegi, daşary ýurt ussatlary bilen aragatnaşykda biolup, olar bilen tejribe alyşmaklarynyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek zerurdyr. Myhmanyň eden çykyşy, beren gyzykly gürrüňleri, peýdaly maslahatlary ýaş türkmen aýdymçylary üçin örän täsirli we ýatda galyjy pursatlaryň biri boldy. Geçirilen ussatlyk sapagy diýseň gyzykly we täsirli geçdi. Daşary ýurt aýdymçylary bilen şeýle sapaklaryň geçirilmegi dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagynyň aýdyň subutnamasydyr. Ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi talyp ýaşlar üçin uly ähmiýetlidir. 
Sapagyň ahyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň adyndan opera aýdymçysy Matteo Lippinä Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy»  atly kitaby, şeýlep-de belli Türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň eserler toplumy ýadygärlik sowgat berildi. Opera ussady özümiň gyzgyn garşylanmagy üçin döredilen ähli mümkinçiliklere Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşşallygyny bildirdi.
Şu gün hem ussat opera aýdymçysynyň Türkmen sazandalary we aýdymçylary bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynda dabaraly konserti geçirildi.

Dinara Dawletowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
  konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby




 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm