«Türkmen – Liwiýa medeni hyzmatdaşlyk dostlugy ”
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda biziň ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamynda birnäçe ösüşler ýüze çykarylýar. Munuň bilen bir hatarda dünýä döwletleri bilen berk medeni hyzmatdaşlyklar guralýar. Ine, olaryň biri hem Liwiýa Arap Respublikasy bilen ýaňy ýakynda bolup geçdi.
Ýagny, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Liwiýa döwletiniň saz sungaty boýunça wekilleriniň gatnaşmagynda okuw sapagy hem-de saz ugrunda hyzmatdaşlyk meseleleri barada duşuşyk geçirildi.
Ilki bilen myhmanlar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen tanşyp, onuň muzeýine baryp gördüler. Olar bu muzeýde ýerleşen saz gurallaryny synlap, olary ýerine ýetiren ussat halypalar barada birnäçe maglumatlar öwrendiler. Muzeýiň ýörite okuwyň adyny göterýän Türkmenistanyň Gahrymany, SSSR-iň halk artisti Maýa Kulyýewa üçin niýetlenilen muzeý otagynda bolsa şahsyýetiň döredijiligi, onuň gazanan üstünlikleri barada birnäçe maglumatlary «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedowyň gürrüň bermeginde diňlediler.
Myhman kompozitor Hişam Ariş we sungat wekilleri Abdulbasset Bendalla, Tarek Abuşufa konserwatoriýanyň kiçi zalynda «Halk saz gurallary» hünäriniň talyplary Orazgylyç Meretgylyjow, Tirkiş Hojamämmedow, Arslan Permangulyýew, Babageldi Supanow, Ruslan Gaýypow, Mekan Ýagşygylyjow dagylar bilen bilelikde ussatlyk sapagyny geçirdiler.
Çykyşyň dowamynda talyplara degerli maslahatlary berip gündogar sazlaryndan birnäçesini ýerine ýetirdiler. Ussatlyk sapagynyň ahyrynda myhmanlar öz hoşallyklaryny bildirip mugallymlar we talyp ýaşlara sungat ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Ýakynda olaryň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem-de ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde konsertleriniň bolmagyna garaşylýar.
Türkmen sungatyny ösdürmekde we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk saklamakda, şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerimiz çäksizdir.
Kuwwat Ýowbasarow,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Sazşynaslyk» hünäriniň V ýyl talyby, ýaş alym