Bilimler we Talyp ýaşlar güni!


       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz,baky Bitarap Watanymyzyň ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär.
1-nji sentýabrda bellenilýän “Bilimler we talyp ýaşlar güni” Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly baýramçylyk dabarasy giňden geçirildi.
     Dabara Türkmenistanyň döwlet senasy bilen başlanyp, hormatly Prezidentimiziň ýollan gutlagy talyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň ählisiniň göwün guşuny ganatlandyrdy. Şol pursatda 1-nji ýyl talyplarynyň ýürek buýsanjy “Öňe talyp ýaşlar bilen” atly aýdym bilen ýaňlandy.Ýokary okuw jaýymyzyň professor mugallymlary, Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew we Şemşat Hojaýewanyň 1-nji ýyl talyplaryna gutlaglary we okuwlarynda uly üstünlikleri gazanmaklary arzuw edildi.
     Soňra professor mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyň ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi. Ilkinji okuw sapagynda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan tutumly işleri we ýaşlaryň öz hünärlerinden baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredilip berilýän mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň edildi. 
Soňra 1-nji ýyl talyplar Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýine aýlanyp  halypalaň döredijilik ýoly bilen tanyşdylar. Şeýle hem, başy tahýaly talyp ýaşlarymyz bu ajaýyp talyplyk ýyllaryny dowam etdirip, maksada okgunly, bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin täze güýç bilen okuwa başladylar.Ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, öwrenmekleri, döretmekleri örän buýsandyrjydyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ejegyz Muhammedowa,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň Akustiki 
laboratoriýasynyň ylmy işgäri




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm