Bilimli ýaşlar Watanymyzyň ösüşleriniň kepilidir
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdymyzda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň nygtaýşy ýaly, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we sanly tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksada okgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur tagallalar gaýgyrylmaz.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp geçirilen “Bilimli ýaşlar Watanymyzyň ösüşleriniň kepilidir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Ylmy-amaly maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Annanabat Hojamammedowa we Gülşirin Otuzowa gatnaşdylar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda täze 2024-2025 okuw ýylynda ýaşlaryň talyplyk hataryna girenlikleri barada gutlag sözlerini aýtdylar. Şeýlede, ýokary okuw jaýynyň Saz mugallymy kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Leýli Gylyjowa gatnaşdy.
Sazşynaslyk hünäriniň III ýyl talyby Sultanowa Ogulnur hem öz talyp deň duşlaryna gutlag sözlerini aýtdy.
Biz hem öz gezegimizde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda täze 2024-2025-nji okuw ýylynda talyplyk hataryna giren ýaşlarymyzy tüýs ýüregimizden gutlaýarys! Alyp barýan işlerinde, okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw edýäris! Döwrüň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda baý tejribeleri toplamak üçin mümkimçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
AKNUR ÇARYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň
ylym bölüminiň hünärmeni