Zehinli ýaşlar
Arkadagly Gahryman Serdarymyz döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyza giň mümkinçilikler döredip berýär. Ýakynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn-asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen zehinli sazanda, bagşylar gatnaşdylar. Bagşy-sazandalarymyz bäsleşigiň şertine laýyklykda asuda watanmyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler.
Bäsleşige aýdym-saz sungatynyň ýokary ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan hem birnäçe zehinli talyp ýaşlar hem gatnaşdy. Ýeňiji bolanlaryň arasynda “Halk sazy” fakultetiniň “Bagşy” hünäriniň III ýyl talyby Dünýägözel Gutlyýewa, “Türkmen sazy” hünäriniň I ýyl talyby Mergen Astanow ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tapawutlandylar. Jemleýji tapgyrynda Dünýägözel Gutlyýewa “Teşnit” diýen türkmen halk aýdymyny, Mergen Asdanow bolsa “Ýar senden” türkmen halk sazyny ýokary derejede ýertine ýetirip emin agzalaryň ýokary bahasyna mynasyp boldylar.Ýeňijilere diplom hem-de altyn zynjyr, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Ýeňiji talyp ýaşlar sungat ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklary aýtýarlar.
Biz hem pursatdan peýdalanyp talyp ýeňiji bolan talyp ýaşlara ýene-de şeýle üstünlikleriniň dowamynyň köp bolmagyny arzuw edýäris.
Aýjemal HOJAÝEWA
Kiçi ylmy işgär