Hünär kämilligine badalga
- Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallasy bilen milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza uly sarpa goýulýar. Men aýdym-saz älemine içgin aralaşmagy çagalygymdan arzuw edýärdim. «Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz” diýlişi ýaly, meniň hem arzuwym ýokary saz bilimini berýän okuw mekdebi bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okamakdy. Arzuwlaryň amala aşýan ýurdy bolan eziz Diýarymyzda meniň hem arzuwym hasyl boldy. Bu ýyl maňa bu ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Biz - ýaşlaryň arzuwyny amala aşyrýan mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş aýdýaryn. Milli aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýjak, hormatly Prezidentimiziň bildirýän belent ynamyna mynasyp hünärmen bolup ýetişjekdigime ynandyrýaryn.
Munisa HUDAÝBERGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň l-nji ýyl talyby.