Köňülde ganat, ýürekde joşgun


 - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen biz ýaşlara döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikler döredilýär. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany — Magtymguly Pyragy» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby bolmak bagtyna eýe bolmagym başymy göge ýetirýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi kalbyňy joşa getirýär. Men 2023-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda geçirilen XVII ýaşlar “Delfiý oýunlary” atly bäsleşige gatnaşyp, II derejeli Diplom we kümüş medaly bilen sylaglandym. Saýlap alan hünärim boýunça ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak nesip etdi. Hormatly Prezidentimiziň arzuwlary hasyl edýän zamanasynda ýaşaýandygymyza ýüregim joşýar. Biz - ýaşlaryň okamagy, hünär eýesi bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyny ödäp, Watanymyza wepaly adamlar bolup, aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenip, milli medeniýetimizi we sungatymyzy has ýokary derejelere göterjek hünärmenler bolup ýetişjekdigime ynandyrýaryn. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin!

Güýçberdi GULOW, Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

25/08/2024

Zehinli ýaşlar

Arkadagly Gahryman Serdarymyz döredijilik bilen meşgullaný

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm