YLYMLY ÝAŞLAR BILEN BAGTYÝAR DÖWÜR
Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumuzyň her bir güni toý dabaralaryna, taryhy senelere beslenýär. Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz taýsyz tagallalary bilen ýurdumuzyň ähli künjeklerinde uly ösüşler gazanylýar.
Ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilip, olaryň ösüş ýollary üçin aýratyn uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlaryň ylmy döredijilik işlerine höwslenmegine, döwrümiziň ösüşine mynasyp goşant goşmagyna biz ýaşlara giň möçberli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ylmyň täze gazananlary bilen beýik ösüş ýolunda barýan medeniýet we sungat işgärlerine uly sarpa goýulýar. Mähriban Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly ajaýyp eserinde: “Türkmen halkynyň aýdym-saz mirasy köpdürli özboluşly gatlaklaryň we ugurlaryň ajaýyp öwüşgini, aýdym-saz görnüşleriniň we ýetirijilik usullarynyň täsin sazlaşygy bolup durýar” diýilýär. “Bagşyly il – bagtly il” diýilişi ýaly, nirede bagşy sazanda köp bolsa, şol ýurt döwletlidöwranlydyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde her ýyly geçirilýän türkmen ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň “Ynsanperwer ylymlary” ugrunda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýeňiji bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly ynamyndandyr. 2019-njy ýylda “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO- nyň Adamzadynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawuna girizilmegi türkmen halky üçin uly taryhy wakalarynyň biri bolupdy.
Şonuň esasynda bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatroriýasnyň “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň III ýyl talyby Humaý Amanowanyň, sungaty owreniş ylymlarynyñ kandidanty Jemile Gurbanowanyň ýolbaşçylygynda “Ýusup – Ahmet” dessanynyň aýdymlary Ilaman Annaýewiň we Gurt Ýakubowyň ýerine ýetirmeginde” atly ylmy işi boýunça I orna mynasyp bolmagy we “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedowyň ýolbaşçylygynda “Gurt Ýakubowyň ýerine ýetirmeginde Hatamtaý dessany” atly dessançylyk bilen baglanyşykly ylmy işi bilen “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň III ýyl talyby Mähri Gurbangulyýewa III oruna mynasyp bolmagy aýdym-saz älemine uly ösüşleriň biridir.
Türkmen bagşyçylyk sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan halypalarymyzyň ýerine ýetirimegindäki dessanlary bilen bilelikde ylmy işleriň düýp özeni görkezilýär.
Garaşsyz, Baky bitarap Türkmenistanymyzda medeniýet we sungata uly üns berilýär. Garaşsyzylyk ýyllarynda bolsa, türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde aýdym-saz sungaty uly ösüşlere eýe bolýar. Munuň aýdyň mysaly bolsa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Gülbahar Ýazmämmedowanyň ylmy ýolbaşçylygynda “Orkestr saz gurallary” fakultetiniň IV ýyl talyby Döwran Gylyjowyň “Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde aýdym žanrynyň görnüşleri” atly ylmy işidir. Ýaş talybyň ylmy işi III oruna mynasyp görüldi.
Biz Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş talyplary bolup, bu ajaýyp sylagara diýeň begenýäris, buýanýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize şeýle ajaýyp sowgatlaryny bermegi aýratyn hem Hormatly Prezidentimiziň “Ýalar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň berilmegi, biz ýaşlary sungat älemine döredijilik ýoluna has hem itergi berdi.
Ýaşlara ynam bildirýän uly mümkinçilikler döredip berýän Milli Liderimiz, mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Biz ýaşlar uly ynamy bildirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik tutumly işleri elmadyma rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin.
Humaý AMANOWA
"Sazşynaslyk" hünäriniň III ýyl talyby