Hasabat konserti geçirildi


Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hasabat konserti geçirildi. Bu dabara mugallymlar we talyplar bilen birlikde dürli ýerlerden daşyndan myhmanlar hem ýygnandylar.
Konsertde Nury Muhyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde kamera orkestriniň, ýekelikde talyplaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we daşary ýurt kompozitorlaryň eserleri ýokary derejede ýaňlandy. Konsert konserwatoriýanyň 5-nji ýyl talyby Gurbanmyrat Hojamgulyýewiň dutarda ýerine ýetirmeginde “Göroglynyň at oýnadyşy” atly türkmen halk sazy bilen açyldy. 
Konsert meýilnamasyna laýyklykda 19 eser yzygiderlikde ýaňlandy. Olardan: “Türkmen sazy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Kerim Niýazowyň dombra saz guralynda ýerine ýetirmeginde Gazak halk sazy “Adaý”, “Bagşy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Kerwenmyrat Orazmyradowyň dutarda aýtmagynda türkmen halk aýdymy “Amman amman”, “Aýdym sungaty” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Azat Bazarowyň aýdym aýtmagynda F. Çilia “Orleziana” operasyndan Federikanyň ariýasy, “Fortepiano” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Merjen Amanowanyň çalmagynda A. Kulyýew fortepiano üçin sonata III bölüm, Halkara bäsleşiginiň laureaty 3-nji ýyl talyby Hijran Jorakulyýewiň akkordeonda ýerine ýetirmeginde J. Rossini Reçitatiw Figaro, Garaşsyz döwletiniň arkalaşygynyň ýaş wekilleriniň XVII ýaşlar Delfiý oýunlarynyň ýeňijisi 2-nji ýyl talyby Seýran Atanýazowyň ýerine ýetirmeginde, Halkara bäsleşiginiň diplomaty Stella Faramazowanyň sazandarlyk etmeginde De. Falýa “Ispan tansy”, 3-nji ýyl talyby Güljemal Taýlyýewanyň aýdym aýtmagynda Nury Muhyýewiň ýolbaşçylyk etmegindäki Kamera orkestriniň sazandarlyk etmeginde Ç. Nurymowyň “Saňa garaşýan”, Altyn asyr bäsleşiginiň ýeňijisi 4-nji ýyl talyby Dünýägözel Begaliýewanyň aýdym aýtmagynda W. Muhadowyň “Garlawaç” aýdymy ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda tomaşaçylar dabarada ähli çykyş edenlere gyzgyn el çarpyşmalar bilen sag bolsunlary aýtdylar. 
Şeýle ajaýyp konsertleriň, festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygider geçirilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinlerini kämilleşdirmekde, höweslerini has-da artdyrmakda uly itergi berýär.
Ogulnur SULTANOWA
"Sazşynaslyk" hünäriniň II ýyl talyby

Paýlaş

25/08/2024

Zehinli ýaşlar

Arkadagly Gahryman Serdarymyz döredijilik bilen meşgullaný

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm