«Dil bilen dünýäni gezer»
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýanyň düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmeklik üçin zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda döredilendir. Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmekligiň örän ýeňil usulyýetlerini özleşdirip, öwrenýän dillerini suwara bilýärler. Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen söz bar. Berkarar döwle¬tiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sözüň ähmiýeti, gymmaty has-da rowaçlanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bilim ulgamynda döwrebap tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilýär. Ýurdumyzda iňlis dilini öwretmegiň döwrebap usullaryny okuw işine ornaşdyrmakda önjeýli işler alnyp barylýar. Daşary ýurt dilini öwretmekde interaktiw usul, ýagny söhbetdeşlik, gepleşik, labyzly okamak, gürrüň bermek arkaly sapak geçmek has oňat netijeleri berýär. Sapakda multimedia okuw tehniki serişdeleri işjeň ulanmak, elektron sözlüklerden peýdalanmak hem okuwyň hiline täsir edýär.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Iňlis dili hepdeligi hem ýokary derejede geçirildi. «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça hepdeligiň meýilnamasy öz işini dowam etdi.
Hepdeligiň dowamynda talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, pikirleniş ukyplaryny ösdürmek, topar bolup işlemek we öwrenmek endiklerini gazanmak, nazary we amaly bilimlerini berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem-de iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler, dabaraly çäreler geçirildi.
Hepdeligiň açylyş dabarasy «Geliň, iňlis dünýäsine syýahat edeliň!» atly baýramçylyk sergisi bilen dowam etdi. Hepdeligiň çäginde şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň guramagynda «Iňlis dilini öwretmegiň innowasion usullary» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Mundan başga-da, talyplaryň ýerine ýetirmeginde «Iňlis diliniň we sazyň sazlaşygy» atly dabaraly konserdi geçirildi. Şeýle hem geçirilen birnäçe döredijilik hem-de zehin bäsleşikleri bolan «Brain-ring», «Karaoke-battle», «Guess the flag» bäsleşikleri talyplarda uly täsir galdyrdy.
Hepdeligiň jemleýji gününde «Magtymguly Pyragy – dünýä äleminde» ady bilen geçirilen baýramçylyk sergisi iňlis hem türkmen medeniýetiniň nyşany boldy. Bu çärede talyplar söz ussadynyň goşgularyny iňlis hem türkmen dillerinde ýerine ýetirdiler.
Ýusup ÝAZGYLYJOW
«Saz mugallymçylygy» hünäriniň talyby