Dost-doganlyk gatnaşygy
Ýakynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň şowhunly açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlaryň biri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Saad Han Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna gelip gördi. Myhman ilki bilen Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýine baryp, halypanyň muzeýiniň döredilenligi hakyndaky täsin gürrüňleri diňledi, şeýle hem suratlardyr döwlet sylaglary bilen halypa aýdymçynyň döredijilik ýoly bilen içgin tanyşdy. Soňra şol ýerde Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň ýolbaşçylyk etmegindäki “Gyzlar bagşylar” toparynyň ýerine ýetirmeginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgusyna döredilen “Türkmeniň” atly aýdymyna, konserwatoriýanyň 2-nji ýyl talyby Berdimuhammet Atabaýewiň ýerine ýetirmeginde “Şasenem-Garyp” dessanyndan bir parça tomaşa etdi. Çykyşdan soňra şol ýerde bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.
Myhman gezelenjiň barşynda konserwatoriýanyň kiçi konsert zalynda mugallym Arzygül Gylyjowanyň ýerine ýetirmeginde “Şasenem- Garyp” operasyndan Şasenemiň ejesine ýalbarmasyny, mugallym Aýbölek Muhyýewanyň skripkada ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde A.Şapoşnikowyň “Türkmen tansy”, konserwatoriýanyň 3-nji ýyl talyby Çaryýar Ataberdiýewiň fortepianoda ýerine ýetirmeginde Baýramdurdy Hudaýnazarowyň “Tokkata” eserine tomaşa etdi.
Soňra myhman konserwatoriýanyň uly konsert zalyna baryp, koserwatoriýanyň uly mugallymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary orkestriniň çykyşyna tomaşa etdi. orkestriň sazandarlyk etmeginde, konserwatoriýanyň 5-nji ýyl talyby Jumageldi Aliýewiň dutar saz guralynda ýerine ýetirmeginde, Gurban Kulyýewiň we Sapar Mämiýewiň “Türkmen temalaryna fantaziýa”, Amannazar Arslanowyň fortepianoda ussatlyk bilen çalmagynda Gurban Kulyýewiň konsert poemasy, 5-nji ýyl talyby Azat Bazarowyň aýdym aýtmagynda Nury Halmämmedowyň “Duran ýerleri” atly aýdymy ýaňlandy.
Dabaranyň ahyrynda talyp ýaşlar bilen ýadygärlik surata düşen myhman: “Men bu ýere gelip gowy dynç aldym, konsertde birnäçe sazlary diňläp lezzet aldym” diýip ýerine ýetirijilere öziniň ýokary bahasyny bermegi ýaşlary bu ugrada ýene-de öňegidişliklere ýetmegine ruhlandyrdy.
Öwezmyrat JANMYRADOW,
“Sazşynaslyk” hünäriniň talyby