Wagyz – nesihat çäresi geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen şeýle-de Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen “Atalar pendi-nesillere dowamat” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çära okuwymyzyň mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Maslahata konserwatoriýanyň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen birlikde myhmanlar hem gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş eden myhmanlar Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekili, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekili temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýany dogrusynda, adam saglygyny gormakda ýurdumuzda alynyp barylýan döwlet derejesindäki işler babatynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Mashalatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz minnetdarlygyny bildirdiler.
Arzuw AŞIROWA,
“Sazşynaslyk” hünäriniň 2-nji ýyl talyby.