Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahatda konserwatoriýanyň birnäçe mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda, ýurdumyzyň Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýändigi, döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, Konstitusiýa halkymyzyň agzybirlik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk hem-de adalatlylyk baradaky arzuwlarynyň beýany bolup durýandygy bellenildi. Çykyşlarda Esasy Kanunymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde, döwlet taglymatyny, syýasy köpdürlüligi hem-de köppartiýalylygy kemala getirmekde eýeleýän orny, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady strategiýanyň we ylmy-tehniki syýasatyň esasy ugurlary beýan edildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçliklerine özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Aýna BEGENJOWA
Halk saz gurallary hünäriniň talyby