Aşgabat kamerata toparynyň konserti geçirildi


Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat kamerata” toparynyň konserti geçirildi. Konsert meýilnamasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanyp düzülen eserler bilen birlikde dünýä belli daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri hem ýokary derejede ýerine ýetirildi. 
Ýerine ýetririlen eserlerden belli türkmen kompozitory Röwşen Nepesowyň “Pyragy” atly solo skripka we kamera orkestry üçin eseri, belli Azerbeýjan kompozitory Kara Karaýewiň “Ýedi gözel” baletinden “Aýşanyň tansy” eseri,  belli rus kompozitory Dmitriý Şostakowiçiň “Kwartet №8” eserleri diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirli boldy.
Konserwatoriýanyň “Kirişli saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Bahram Dolyýewiň ýolbaşçylyk edýän bu “Aşgabat kamerata” topary eýýäm birnäçe wagtdan bäri ýurdumuzyň dürli ýerlerinde, şeýle-de daşary döwletleriň birnäçesinde şowly çykyşlaryň ençemesini görkezip gelçär. Bu geçirilen konsertiň diňleýjiler köpçüligi bu topara gelejekde hem uly üstünlikleri arzuw etdiler. 
Ogulgeldi HEZRETGULYÝEWA
Sazşynaslyk hünäriniň III ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm