«Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň hepdeligi geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäginde kafedranyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlar, bäsleşikler, leksiýa-konsertler ýokary derejede gurnaldy. Hepdeligiň ilkinji gününiň açylyş dabarasynda konserwatoriýanyň talyplarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige dürli hünärden okaýan talyplar işjeň gatnaşyp, goşgy düzmekde, surat çekmekde, oýlanma ýazmakda öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.
Hepdeligiň ikinji gününde «Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga sungat edaralarynda zähmet çekýän myhmanlar hem gatnaşyp özleriniň gyzykly maglumatlary bilen çykyş etdiler.
Hepdeligiň üçünji gününde konserwatoriýanyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň uly mugallymy M.G.Saparmyradowanyň gurnamagynda «Ýaş sazşynas 2024; saz ylmynyň wajyp meseleleri» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu maslahata konserwatoriýanyň mugallymlary, ýaş sazşynaslary işjeň gatnaşdylar. Ýaş sazşynaslar özleriniň prezentasiýaly, gyzykly toplan maglumatlary bilen çykyş etdiler. Bu geçirilen maslahat ýaş sazşynaslaryň öz hünärine bolan höwesini has hem artdyrdy.
Yzygiderlikde hepdeligiň dördünji gününde «Sazşynaslyk» hünäriniň talyplarynyň arasynda «Breýn-ring» intellektual bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik diýseň çekeleşikli we gyzykly geçdi. Bäsleşikde jemi alty adamdan ybarat bolan «Gujurly» we «Sazlaşyk» toparlary öz aralarynda soraglara dogry jogap bermekde bäsleşip «Sazlaşyk» topary ýeňiji boldy.
Hepdeligiň bäşinji gününde «Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy» atly ylmy-usuly maslahaty, «Okatmagyň häzirki zaman usulyýeti: däp we innowasiýa» bölümçesi geçirildi. Bu çärä konserwatoriýanyň professor mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
Hepdeligiň soňky gününde, ýagny ýapylyşynda «Rejep Rejebowyň wokal döredijiligi» atly leksiýa-konsert geçirildi. Bu geçirilen leksiýa-konserti hepdeligiň jemini jemledi. Dabara başlamagynyň öňi syrasynda hepdeligiň çäginde geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerini diplomlar, hormat hatlary bilen sylagladylar. Ondan başga-da hepdeligi gurnamaga ýardam eden mugallymlara, hepdelikde işjeň gatnaşan talyplara hormat hatlary gowşurylyp köp sagbolsunlar aýdyldy. Gutlaglardan soň, «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň müdiri Annagylyjowa Şemşat Tirkeşownanyň alyp barmagynda leksiýa-konserti başlandy. Bu dabarada konserwatoriýanyň mugallymlary Röwşen Baýramowyň, Aýna Seýitgulyýewanyň we talyplaryň ýerine ýetirmeginde kompozitor Rejep Rejebowyň döreden aýdymlary ýaňlandy. Birnäçe gyzykly taýýarlanylan wideo şekiller görkezildi.
Dabara gatnaşyjylar ajaýyp zamanada ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Ogulnur SULTANOWA
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby