Ylmy-usuly maslahat geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Sazyň nazaryýeti» kafedra hepdeliginiň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Ilki bilen bu ylmy-usuly maslahatyň açylyşy we umumy mejlis geçirildi.
Mejlisiň dowamynda «Dutar sazlaryny öwretmekde halypa-şägirt däpleriniň iki ugry hakynda» konserwatoriýanyň professory Ýolaman Nurymow, «Hora dirižýorlyk etmekde talyplaryň ýerine ýetirijilik derejesini kämilleşdirmäge degişli maslahatlar» atly tema bilen Lebap welaýat Ýörite sungat mekdebiniň halypa mugalymy Türkmenistanyň halk artisti Bäşim Berdiýew talyp ýaşlara öz maslahatlaryny berdiler. Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze açyp beren Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher Ýörite sungat mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti hem-de fortepiano bölümleriniň müdiri Elmira Oweniýazowa “Täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Ýörite sungat mekdebinde saz pedagogikasyny okatmagyň adaty görnüşleri” barada çykyş etdi.
Maslahatyň dowamy soňra üç bölümçede: «Okatmagyň häzirki zaman usulyýeti: däp we innowasiýa», «Halk saz ýerine ýetirijiliginiň usulyýeti: teoriýa we tejribe. Halk saz döredijiliginiň nusgalaryny toplamagyň we nota geçirmegiň meseleleri», «Ýerine ýetirijilik sungatynyñ taryhy we nazaryýeti. Ýerine ýetirijilik sungatynda interpretasiýa meseleleri» atlar bilen geçirildi.
Birinji bölümçäni «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Ş.Annaglyjowa, ikinji bölümçäni «Sazyň taryhy» kafedrasynyň müdiri B.Ýakubowa, üçinnji bölümçäni «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Gözel Magtymgulyýewa dagylar alyp bardylar.
Maslahatyň çäginde ýokary okuw mekdebinde mugallymlaryň berýän bilimleriniň hilini ýokarlandyrmak hem-de talyplary okuw prosesine has işjeň çekmek maksady bilen innowasion usullary ulanyp dersleri alyp barmagyň birnäçe görnüşleri barada çykyş etdiler. Ylmy-usuly maslahatda taryhy nazaryýet derslerini okatmagyň wajyp meseleleri, dersleriň mazmunyny we gurluşyny täzelemegiň ýollary, taryhy-nazaryýet dersleriniň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary hem-de saz-nazaryýet we taryhy dersleriniň dersara baglanyşygy baradaky tematiki ugurlar boýunça çykyşlar edildi.
Ikinji bölümçede Türkmenistanda saz bilimini döwrebaplaşdyrmakda täze maksatlar we wezipeler, ýekebara hünär derslerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýeti, «Halk saz gurallary» orkestriniň ýerine ýetirijilik we repertuar meseleleri, dutar-gyjak sazlaryny nota boýunça öwretmegiň we nota geçirmegiň tejribe usullary barada çykyş etdiler.
Şeýle-de çykyşlarda ýerine ýetirijileri okatmagyň usulyýetiniň aýratynlyklary, tehniki kynçylygyň käbir usullary barada hem-de çagalaryň durmuşynda sazyň terbiýeçilik wezipesini aýdyp geçdiler. Türkmenistanda fortepiano sungatynyň taryhy, innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen fortepiano saz guralyny çalmagy öwretmegiň usulyýeti, Çagalar sazçylyk we sungat mekdebinde fortepiano ýerine ýetirijiliginde okuwyň başlangyç endikleri we ökde hünärmenleri taýýarlamakda innowasiýa tehnologiýalaryň ähmiýeti barada çykyş etdiler.
Ylmy-usuly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Maslahata gatnaşyjylar türkmen aýdym-saz sungatyny ylmy derejede öwrenmäge giň mümkinçlikler döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Röwşen ATAÝEW
Sazyň taryhy kafedrasynyň mugallymy