Ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň konsertleri geçirildi
Geçen hepdäniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparlarynyň konsertleri geçirildi.
Geçirilen konsertleri Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Ýokary derejede taýýarlykly gelen döredijilik toparlary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna professional kompozitorlar tarapyndan döredilen aýdymlary, daşary ýurt kompozitorlarynyň dünýä meşhur eserlerini ýokary derejede ýerine ýetirdiler.
Dabarada çykyş eden ýerine ýetirijilik hünärleriniň talyplary öz saýlap alan saz gurallarynda ýokary derejeli başarnyklaryny görkezdiler.
Konsert bilen birlikde ýörite sungat mekdepleriň çeperçilik hünärleriniň talyplarynyň çeken sungat eserleriniň sergisi bu ýere ýygnananlar üçin has-da täsirli boldy. Olar watanymyzy wasp edýän, Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlaryny wasp edýän sungat işlerini ýokary derejede taýýarlapdyrlar.
Dabaranyň dowamynda konserwatoriýanyň halypa mugallymlary bu ýere gelen ýaş sazandalara özleriniň peýdaly maslahatlaryny berdiler. Joşgunly konsertler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler bilen jemlendi.
Öwezmyrat JANMYRADOW
“Sazşynaslyk” hünäriniň talyby