«Saz mugallymy» kafedrasynyň hepdeligi geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň başy «Çagalara saz terbiýesini bermegiň wajyp meseleleri» atly ylmy-usulýet maslahaty bilen işe girişdi. Maslahatyň dowamynda ýörite sungat mekdepleriň saz mugallym bölüminiň, Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda birnäçe çykyşlar edildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bolmagy, beden taýdan üpçün, sagdyn pikirli, aň-düşünjeli bagtyýar çagalar bolup ýetişmeklerinde döwletiň we jemgyýetiň uly ähmiýetiniň barlygy hakynda çykyş edenler öz sözlerinde nygtadylar.
Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüp barýan ýaş nesiller hakynda edýän taýsyz aladalary esasynda bagtyýar çagalarymyz aýratyn zehin başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olary seçip almakda iňňän uly mümkinçilikler döredilýär. Çagalara saz terbiýesini bermegiň usulyýeti ýaş ýetiginjek döwründen başlamalydygy hakynda çykyş eden halypa mugallymlar öz sözlerinde aýdyp geçdiler. «Saz mugallymy» kafedrasynyň açylyş dabarasynyň dowamynda kafedranyň geçen okuw, ylmy-döredijilik ýoly barada gürrüň berýän wideo şekilli maglumat görkezildi. Muňa hepdelige gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde tomaşa etdiler. Geçirilen ylmy-usulyýet maslahaty talyp ýaşlara galybersede ýaş mugallymlara hem iş tejribesiniň baýlaşmagynda uly ähmiýet berdi.
Hepdeligiň ikinji ýarymynda Aşgabat şäherindäki 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň aýdym-saz toparynyň we saz mugallymçylygy hünäriniň talyplarynyň beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk dabarasyna bagyşlap bilelikde taýýarlan söhbetli konsert dabarasy geçirildi. Konsertde mekdep okuwçylardan we saz mugallymçylygy hünärinden düzülen hor toparynyň çykyşlary, dutarçylar ansamblynyň şeýle-de skripkaçylar toparynyň we başga-da birnäçe dürli saz gurallarynda ýerine ýetirmekliginde ençeme ajaýyp eserler ýaňlandy.
Hepdeligiň dowamynda kafedranyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowanyň «Aýdym aýtmak dersi aýdym-saz mugallymlarynyň taýýarlygynda» atly talyplar bilen söhbetli açyk sapak geçirildi. Geljekki aýdym-saz mugallymlaryň hünär taýýarlygynda «Aýdym aýtmak» dersi hem uly orun tutýar. Sebäp diýilende saz mugallymy hünärini tamalaýan talyplar gelejekde çagalar bilen ýakyndan işleşmeli bolýarlar. Hor klasy dersinde hem aýdym aýtmak dersiniň ähmiýetiniň ulydygy ählimize aýandyr. Geçirilen açyk sapakdan talyplarymyz özlerine gerekli wajyp maglumatlary öwrendiler.
Onuň yzysüresi saz mugallymçylygy hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar bilen bilelikde «Talyplara hor bilen işlemegi öwretmegiň usulyýet aýratynlyklary» atly usulyýet tejribe sapagy hem ýokary derejede geçirildi. Usulyýet tejribe sapagyny kafedranyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Skorohodowa Ž. N. Ussatlyk bilen alyp bardy.
Hepdeligiň soňky günlerinde «Saz mugallymy» kafedrasynda zähmet çekýän we bilim alýan talyplar ýaşlar Aşgabat şäherindäki 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde myhmançylykda boldular. Saz mugallymçylygy hünäriniň talyplarynyň we mekdebiň aýdym-saz toparynyň okuwçylarynyň bilelikde taýýarlan «Watan gerçekleri ýatdan çykmaýar» atly konserti geçirildi. Konsertde talyplar we mekdep okuwçylary özleriniň ukyp başarnyklaryny tomaşaçylara giňişleýin görkezdiler.
«Saz mugallymy» kafedrasynyň ýapylyş dabarasy hem täsirli geçdi. Dabarada «Saz mugallym» hünäriniň uçurum talyplaryndan düzülen konsert giňden ýaýbaňlandy. Umuman, hepdelik öz işini üstünlikli we işjeň alyp bardy.
Biz hem konserwatoriýanyň «Saz mugallymy» kafedrasynda zähmet çekýän halypa mugallymlara şeýle-de bilim alýan talyp ýaşlara okuwlarynda, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, rowaçlyklary arzuw edýäris.
Bize okamaga, işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza müňkerem alkyş aýdýarys!
Leýli GYLYJOWA
“Saz mugallymy” kafedrasynyň öwreniji-mugallymy