Açyk gapylar güni geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Açyk gapylar” güni geçirildi. Her ýylda däbe öwrülen bu çäre 2023-2024-nji okuw ýylynyň uçurymlarynyň hem-de ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýän dalaşgärleriň arasynda uly gyzgalaň bilen alnyp baryldy. Bu ýylky geçirilen çärede hem konserwatoriýanyň halypa mugallymlary özleriniň ussatlyk sapaklaryny geçirip ýaşlary okuw maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar. Ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň uçurumlary özlerini gyzyklandyrýan dürli soraglary bermek arkaly daranyň täsirliligini has-da artdyrdylar. Açyk gapylar günine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Gahrymany halypa Maýa Kulyýewanyň muzeýine baryp gördiler we ussadyň döredijilik sungat ýoly bilen içgin tanyşdylar. Dabaranyň çäginde konserwatoriýada okadylýan dersler bilen hem ýakyndan tanyş boldular. Çäräniň dowamynda “Kompozisiýa we gurallama”, “Estrada sungaty” kafedralarynyň taýýarlmagynda gurnalan konsertler bolsa, myhmanlaryň göwnünden turdy.
Jeýran JORAÝEWA
Sazşynaslyk hünäriniň III ýyl talyby