«Sazyň taryhy» kafedrasynyň hepdeligi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda medeni-mirasymyza uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkymyzyň taryhyny, medeni-mirasymyzy içgin öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň dowamynda ýokary okuw mekdebimiziň talyp-ýaşlarynyň şeýle hem kafedranyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda tegelek stollar, leksiýa-konsertler, ylmy-amaly maslahatlar, açyk sapaklar, ýubileý dabaralary, bäsleşikler geçirildi. Hepdelik Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly sergi bilen açyldy. Soňra bolsa, «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Leýla Babaýewanyň «Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşbi» atly monografiýasynyň prezentasiýasy we «Magtymgulynyň edebi mirasy saz sungatymyzda» atly tema boýunça leksiýa konserti boldy.
Hepdeligiň dowamynda kafedranyň uly mugallymy Röwşen Muhammedowyň «Sungatyň taryhynda rus şekillendiriş sungatynyň orny» atly açyk sapagyny geçirdi. Açyk sapagyň dowamynda ussat mugallym rus şekillendiriş sungatynyň aýratynlyklary barada, onuň sungatyň taryhyndan tutýan orny barada gyzykly gürrüňler berdi. Günüň ikinji ýarymynda bolsa kafedranyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Agajan Açylowyň «Gadymy dünýäniň medeniýetleri» atly tema boýunça tegelek stol geçirdi.
Hepdeligiň ikinji ýarymynda kafedranyň uly mugallymy Myrat Gurbanowyň «Teatr sungatynyň döreýşi we onuň görnüşleri» atly açyk sapagy geçirildi. Açyk sapakda Myrat Gurbanow teatr sungatynyň döreýşi barada gyzykly gürrüňler berdi. Halypa mugallym özüniň mazmunly çykyşyny prezentasiýa, suratlaryň, teatr sahnasynda goýulan eserlerden parçalary görkezmek bilen dowam etdi. Açyk sapaga sapaga gatnaşan talyp-ýaşlar teatr sungaty barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşdylar. Günüň ikinji ýarymynda kafedranyň uly mugallymy Bahar Ýakubowanyň gurnamagynda “Dünýa saz folklory ýaşlaryň gözleglerinde” atly talyplaryň II ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Folklor – bu iňlis dilinde “Halk paýhasy” diýmekdir. Halk tarapyndan döredilen we saklanyp gelen sungat eserleriniň jemi folklor adalgasy bilen belgilenýär. Bu ylmy-amaly maslahatda diňe bir türkmen halkynyň folklory bilen bagly çykyşlar bolman, eýsem türki halklaryň, ermenileriň, hindileri, eýran, gruzin hytaý ýaly döwletleriň folklor žanrlary hakynda hem çykyş etdiler.
Hepdeligiň soňky günlerinde kafedranyň uly mugallymy Gülbahar Ýazmämmedowanyň gurnamagynda türkmen kompozitorlarynyň ýubileýleri mynasybetli “Türkmen sazşynaslygynyň derwaýys meseleleri” atly mugallymlaryň ylmy-amaly maslahaty, şeýle hem birnäçe bäsleşikler geçirildi.
Bize şular ýaly ajaýyp zamanada ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Gülsoltan DÖWLETOWA
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň öwreniji-mugallymy