“Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny” atly aspirantlaryň, doktorantlaryň we dalaşgärleriň ylmy-usuly maslahatyny geçirdi. Maslahata Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň wekilleri,Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspirantlary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dalaşgärleri, aspirantlary, doktorantlary, saz-etnografiýa bölüminiň ylmy işgärleri, mugallymlar, ýaş öwreniji mugallymlar şeýle-de talyplar gatnaşdylar.
Çykyşlaryň mowzuklary dürli-dürli boldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty R. Amangeldýewiň giriş sözlerinden soň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň başlygy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty G. Annanepesowa “Görogly” degişli sözleriň many aýratynlyklaryna çykyşy diňleýjileriň ünsüni çekdi. Türkmen halk aýdym-sazyny hemme taraplaýyn, toplumlaýyn, çuňňur öwrenmek meselesini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Z. Jumagulyýewa doly açyp görkezdi. XX asyryň görnükli türkmen bagşylarynyň Gurt Ýakubowyň (G.Saryýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy) we Sahy Jepbarowyň (A. Mämmetgulyýewiň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz-etnografiki laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri) döredijiligi barada maglumat berýän habarlar, şeýle hem konserwatoriýanyň aspiranty L. Hudaýberdiýewanyň “Mukamçy kompozitorlaryň eserleriniň gurluş aýratynlyklary” atly çykyşy gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň aspirantlarynyň ýaş filologlar A. Nepesowa we L. Seýytkulyýewanyň lingwistika we edebi tankyt meselelerine bagyşlanan hasabatlary uly üns bilen diňlenildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň alymlary bilen bilelikde geçirilen dürli mowzuklar boýunça konferensiýalar eýýäm adata öwrüldi. Her ýyl olara gatnaşyjylaryň sany barha artýar. Şeýle duşuşyklar dürli hünärleriň alymlarynyň gözleri bilen käbir ylmy meselelere seretmäge, ylym wekilleriniň gyzyklanmasyny döreden islendik hadysalara köptaraplaýyn deňeşdirme we tipologiki baha bermäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.
Amangözel ESENOWA,
Konserwatoriýanyň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni