Ussat halypa Berdinýaz Rejepmedowyň ýubileý konsertini konseratoriýanyň sazandalary bezedi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň dosenti Berdinyýaz Rejepmedowyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli konsert geçirildi.
Halypa mugallymyň sahnada peýda bolmagy gyzykly boldy – üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestri ony «Bahar geldi ülkämize» atly öz döreden kompozisiýasy bilen ussat halypany garşy aldy.
Konsert maksatnamasyna iň gowy türkmen we daşary ýurt eserleriniň birnäçesiniň girizilmegi tomaşaçylar üçin has-da täsirli boldy. Konsertiň dowamynda Berdinýaz mugallymyň kärdeşleri we talyplary ony gutlap, bu ýere ýygnan tomaşaçylara özüni bütinleý aýdym-saz hyzmatyna bagyş eden Berdinyýaz Rejepmedowyň ömri we işi barada gürrüň berdiler.
Halypa sazanda mugallym hökmünde konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite çagalar sazçylyk mekdebinde köp ýyllap ýaş sazandalaryň ençemesine saz ugrundan bilim berdi, soňra konserwatoriýada ýaş talyplaryň bilim almagy üçin zähmet çekdi. Onuň ýurdumyzda aýdym-saz sungatynyň ösmegine goşan goşandy bahasyna ýetip bolmajak zatdyr. Mugallymçylyk işlerinden başga-da, konserwatoriýada üflenip çalynýan saz gurallarynyň orkestrini gurady. Okuwçylarynyň köpüsi meşhur sazandalar bolup ýetişdi. Berdinyýaz Rejepmedow ýaşlaryň zehinine hemişe biperwaý garamaýardy.
Günüň gahrymanynyň dirižýorlyk etmeginde tomaşaçylar üçin Iogan Ştrausyň «Wenanyň marşy» eseri hem ýaňlandy. Ol orkestre hem, tomaşaçylara hem dirižýorlyk etmegi başardy. Tomaşaçylar dostlukly el çarpyşmalar bilen ýöriş heňini goldadylar. Konsert Çary Nurymowyň «Toý aýdymy» dabaraly eseri bilen tamamlandy.
Tirkiş AMANNAZAROW
Konsert bölüminiň hünärmeni