Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara konserwatoriýasynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler bu ajaýyp kitapda gadymy Änewiň möhüm wakalaryny we taryhy döwürlerini beýan edýändigi, onuň käbir baplary arheologiki tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanandygy barada bellediler. Mundan başga-da, kitapda Änew medeniýetini ilki açan Rafael Pampelliniň, Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde alnan maglumatlar görkezilipdir diýip bellediler. Kitabyň her baby türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli-medeni gymmatlyklary hem-de baý medeni mirasy we ruhy däp-dessurlary goramak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Çykyşlaryň dowamy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn-asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Aýna Seýitkulyýewanyň, zehinli ýaş aýdymçy-sazandalaryň, hor toparynyň aýdym-sazlary bilen ytgaşyp gitdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwriniň köp bolmagyny, galamynyň ujunyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
Nagmat ÖWEZDURDYÝEW
Sazşynaslyk hünäriniň III ýyl talyby