Fraznsuz sazandasy türkmen ýaşlary bilen ussatlyk sapagyny geçdi


Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Fransiýa döwletiniň belli pianinoçysy, sazandasy, kompozitory Joanna Gudeýliniň gatnaşmagynda ussatlyk sapagy geçirildi. Bu geçirilen sapaga konserwatoriýanyň mugallymlary, talyplary işjeň gatnaşdylar. Sapagyň dowamynda ussat sazanda barokko sazy barada, pianinodan öň dörän klawisin saz guraly barada giňişleýin gürrüň berip, barokko akymyna degişli nemes kompozitory I.S.Bahyň eserlerinden parça çalyp berdi. Ondan başga-da OTK-nyň I tomundan c – moll prelýudiýasyny öz döreden sazy bilen bilelikde imprawizasiýa edip çalyp bermegi diýseň täsirli boldy. Ussatlyk sapagynyň dowamynda talyplar ussat pianinoçy bilen sorag–jogap alyşyp, sapagy has-da gyzykly dowam etdiler. Joanna Gudeýliniň talyplar bilen bilelikde sapak geçmegi daşary ýurt ussatlary bilen aragatnaşykda bolup, olar bilen tejribe alyşmaklarynyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek bolar. Bu sapagyň geçirilmeginiň esasy maksady ussat pianinoçylaryň bilimleriniň ýokarlandyrmagyna has-da ösüp ýetişmekleri üçin edilýän aladalaryň biri bolup durýar. Myhmanyň eden çykyşy, beren gyzykly gürrüňleri, peýdaly maslahatlary, tomaşaçylar üçin örän täsirli we ýatda galyjy pursatlaryň biri boldy. Geçirilen ussatlyk sapagy diýseň gyzykly we täsirli geçdi. 
Daşary ýurt sazandalary bilen şeýle sapaklaryň geçirilmegi dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagynyň aýdyň subutnamasydyr. Ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi talyp ýaşlar üçin uly ähmiýetlidir. Sapagyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Joanna Gudeýliniň eden täsirli çykyşlary, beren peýdaly maslahatlary üçin sag bolsun aýdyp, gyzgyn el çarpyşmalar bilen ussady goldadylar.
Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA
Sazşynaslyk hünäriniň II ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm