Ussat sazanda, halypa mugallym Allaberdi Allaberdiýewi ýatlap konsert geçirildi
Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ussat halypa mugallym, sazanda, Allaberdi Allaberdiýewi ýatlap, onuň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp duşuşyk konserti geçirildi.
Bu dabaraly duşuşyk konsertine Türkmenistanyň halk artisti Baýramdurdy Hudaýnazarow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri we sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymlary, Türkmenistanyň sungatda at gazanan medeniýet işgärleri Öwezmyrat Gandymow hem-de Nepesmuhammet Meredow dagylar halypa barada gyzykly gürrüňleri berdiler.
Çykyşlarda halypanyň dutar çalmagyň inçe tilsimlerini, tärlerini inçelik bilen öz şägirtlerine öwredişi barada, mugallymçylyk işinde ussatlygy dogrusynda bellep geçdiler. Dutar ýerine ýetirijilinde ençeme eserleri mukamlary nota ýagysyna geçirmekde hem ussadyň aýratyn ornynyň bardygy, häzirki günlerde bu sungaty ylmy derejede öwrenmekde halypanyň nota ýazgylarynyň peýdaly çeşme bolup hyzmat edýändigi barada hem çykyşlarda bellenildi.
Konsertiň dowamynda konserwatoriýanyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary ajaýyp aýdymdyr-sazlary ýokary derejede ýerine ýetirdiler.
Dabara gatnaşyjylar halypa sazandalary ýatlamaga olaryň döredijiliklerini içgin öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.
Öwezmyrat JANMYRADOW
Sazşynaslyk hünäriniň II ýyl talyby