Dost-doganlyk konserti geçirildi
2024-nji ýylyň 10-13-nji marty aralygynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy, şeýle hem 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli Ermenistan respublikasynyň Ýerewan şäherinde geçirilen Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertine konserwatoriýanyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Saparyň çäklerinde 12-nji martda Ermenistanyň Döwlet filаrmoniýasynyň Arno Babajanýan adyndaky konsertler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Konserte Ermenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Ermenistanyň medeniýet, bilim, sport we sungat wekilleri gatnaşdylar.
Konsertde türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň, XX asyryň zehinli şahyry Gurbannazar Ezizowyň, Keýik Artykowanyň goşgularyna, meşhur ussatlar Nury Halmämmedowyň, Weli Muhatowyň, Hydyr Allanurowyň, Aman Agajikowyň, Komitasyň we Arno Babajanýanyň sazlaryna düzülen eserleri, aýdymçylar konserwatoriýanyň mugallymlary Begenç Moşiýew we Maýa Orazberdiýewa, «Aşgabat Kamerata» kirişli saz gurallary toparynyň sazandarylyk etmeginde ýerine ýetire ýetirdiler.
Şeýle hem bu saparyň çäginde konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplaryndan düzülen «Kamerata Aşgabat» aýdym-saz topary Ermenistanyň jemgyýetçilik telewideniýesi tarapyndan ýaýlyma berilýän «Ertiriňiz haýyrly bolsun» atly gepleşigiň myhmany boldylar.
Gepleşigiň dowamynda «Kamerata Aşgabat» topary ermeni teleýaýlymynyň tomaşaçylary üçin türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň «Hüwdi» eserini hödürledi. Ony toparyň sazandalary konserwatoriýanyň “Kirişli saz gurallary” kafedrasynyň mugallymlary Bahram Dolyýew, Akmyrat Kurbanow, Kakageldi Hojalekow we Tahyr Ataýew dagy ýerine ýetirdiler.
Şeýle-de gepleşigiň dowamynda Tahyr Ataýew türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hem-de 12-nji martda Arno Babajanýan adyndaky kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde guralan konserti barada gürrüň berdi.
Ermenistan respublikasynda geçirilen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna gatnaşyjy mugallymlar we talyplar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz alkyşlaryny bildirdiler.
Röwşen ATAÝEW
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň mugallymy