Türkmen sazy kafedrasynyň hepdeligi geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Türkmen sazy” kafedrasynyň hepdeligi geçirildi.
Hepdeligiň dowamynda kafedrada eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda zähmet çekýän halypa mugallymlar we olaryň şägirtleri milli nusgawy sazlarymyzy ýokary derejede ýerine ýetirdiler.
Hepdeligiň çäginde geçen Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Ýolaman Nurymow bilen döredijilik duşuşygy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň mukamçy kompozitor Türkmenistanyň halk artisti Ýagmyr Nurgeldiýewiň döreden sazlarynda ýerine ýetirijilik usuly aýratynlygy atly sapagy, sangaty öwreniş ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çaryýar Jumaýewiň “Türkmen saz sungatyny öwreniş ylmy” atly ussatlyk sapagy, Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň “Sazandarlyk edilende bagşy bilen düşünişmegiň talaplary” atly sapagy has-da täsirli boldy.
Öwezmyrat JANMYRADOW
Sazşynaslyk hünäriniň II ýyl talybya