Wagyz-ündew çäresi geçirildi


Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pygtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, utaç-haýalygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 
Bu wagyz-nesihat çäresinde konserwatoriýanyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa, “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa şeýle hem myhmanlar Türkmenistanyň Mejlisiniň ylym-bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komtetiniň agzasy  Orazdurdy Abdyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory Jennet Arzarowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalaryň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Geňeşiniň başlygy Ene Mämmedowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komtetiniň baş hünärmeni Ýunus Ýazgylyjow, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler pariýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Halk maslahatynyň agzasy Mähri Atamyradowa dagylar çykyş etdiler. 
Çärede çykyş edenler ýurdumuzy ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty dogrusynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary hakynda, Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýaşlara terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda, ýaşlara ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän mümkinçilikler hakynda üwüt-nesihat beriji çykyşlaryny etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm