Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeler boýunça wagyz-ündew çäresi geçirildi


Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipeler boýunça wagyz-ündew çäresi geçirildi.   Bu çära konserwatoriýanyň mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler Mejlisde öňde goýlan wezipeler barada agzalyp geçilen gürrüňleri belläp geçdiler. 
Çykyş edenleriň içinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Annanabat Hojamämmedowanyň, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedowyň, şol kafedranyň mugallym-öwrenijisi Gülsoltan Döwledowanyň çykyşlary diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy. 
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilip berilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler. 
Ogulnur SULTANOWA
Sazşynaslyk hünäriniň II ýyl talyby


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm