“Magtymguly Pyragy we türkmen milli aýdym-saz sungaty” atly döredijilik duşuşygy geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň şygry esasynda ajaýyp şygar edilen “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy”atly ýylymyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz gün saýyn ösüşlere, özgerişlere, şanly senelere beslenýär. Ine şu 2024- nji ýyl hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy ýurdumyzda giňden dabaralanýar.
Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndakyTürkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa bilen “Magtymguly Pyragy we türkmen milli aýdym-saz sungaty” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Saz mugallymy” kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Leýli Gylyjowa alyp bardy. Gyzykly söhbetdeşlikler bilen birlikde Magtymguly atamyzyň sözlerine aýdym edilen birnäçe halk aýdymlary, kompozitor Daňatar Öwezowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden “Baglar heý” atly eserini ýokary derejede ýaňlandy. Myhman filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa özüniň “Magtymguly Pyragy we türkmen milli aýdym-saz sungaty” atly monografiýasy barada giňişleýin gürrüň berdi. Dabaranyň dowamynda birnäçe ajaýyp sazlaryň astynda şahyryň şygyrlaryny labyzly okalmagy onuň täsirliligini has-da artdyrdy. Täzegül Hapyzowa Magtymguly Pyragynyň eserleriniň türkmen aýdym-saz sungatynda tutýan orny barada hem birnäçe gyzykly maglumatlary talyp ýaşlara ýetirdi hem-de döredijilik duşuşygyny Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyş sözleri bilen jemledi.
Osman SAPARGELDIÝEW
“Halk saz gurallary” hünäriniň III ýyl talyby