“Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň dersleri boýunça bäsleşik geçirildi


       Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Sazyň nazaryýeti” kafedrasy ýaş zehinli, bilimli talyplaryň arasynda ýyllyk işleri boýunça bäsleşik geçirdi. 
      Bu bäsleşige  “Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyplaryndan: Aşirowa Arzuw “J. Freskobaldiniň klawir üçin a-moll fugasy I. S. Bahdan öňki döwürdäki fugalaryň nusgasy hökmünde”, Sultanowa Ogulnur “B. Bartogyň “Mikrokosmos” toplumyndan №91, № 92, № 145 Hromatiki inwensiýalary”, Ýangyýewa Altyn “J. Freskobaldiniň g-moll fugasy”, Nuryýewa Aýnur “R. Şedriniň “Polifoniki depder” toplumyndan ostinato formalary”, Welsähedowa  Arzygül “I. S. Bahyň we üç sesli f-moll inwensiýalary” atly temalar bilen polifoniýa dersinden üstünlikli çykyş etdiler. Ýyllyk işleriň ylmy ýolbaşçysy “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Zülfiýa Jumagulyýewa boldy. 
     Garmoniýa dersinden bolsa “Sazşynaslyk” hünäriniň  III ýyl talyplaryndan: Hezretgulyýewa Ogulgeldi “N. Halmämmedowyň “Tema we wariýasiýalar” eserinde tonal-garmoniki ösüşiň aýratynlyklary”, Gurbangulyýewa Mähri “N. Hojamuhammedowyň fortepiano üçin prelýudiýalary” we Joraýewa Jeýran “N. Halmämmedowyň “Pursatlar” toplumynyň birinji depderinde garmoniýa beýan ediş serişdesi hökmünde” atly ýyllyk işleri boyunça ýatda galyjy gyzykly çykyşlar etdiler. Olara “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň dosenti Ý. P Osipowa we uly mugallym Z. S Gabibowa ylmy ýolbaşçylyk etdiler. 
    Emin agzalaryň  gelen netijeleri boýunça “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň dersleri boýunça ýyllyk işlerinde talyplar II we III orunlara mynasyp boldular.  Olardan: O. Sultanowa we J. Joraýewa II, O. Hezretgulyýewa, A. Welsähedowa we A. Nuryýewa dagy III orunlara mynasyp boldy.  Çykyşlary we çeken zähmetleri üçin  talyplar A. Aşyrowa, M. Gurbangulyýewa we A. Ýangyýewa diplomlar bilen sylaglandylar. 

Humaý AMANOWA
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm