Kompozitor Igor Pinhasowyň eserleri hakynda söhbetdeşlik geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň ussat sungat işgäri, kompozitor, dirižýor Röwşen Nepesow kompozitor Igor Pinhasow barada söhbetdeşlik konsertini geçirdi. Söhbetdeşlige konserwatoriýanyň mugallymlary, talyplary hem-de birnäçe myhmanlar ýygnandylar.
Duşuşygyň başynda Röwşen Nepesow kompozitoryň “Парадоксы времени” haýran galdyryjy sazy barada gürrüň berdi. Eseriň ilkinji gezek geçen ýylda Halkara derejesinde geçirilen festiwalda ýaňlanandygyny belläp geçdi. Bu saz kamera orkestri, goboý, fortepiano we termenwoks üçin ýazylan. Termenwoksdan çykýan owazyň diňleýjileri haýran galdyrandygy barada hem belläp geçdi. Bu saz guralyň gelip-çykyşy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy dogrusynda mugallymlar we talyp ýaşlar sorag-jogap alşyp has içgin gyzyklandylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Igor Pinhasowyň özüniň ýazga geçirip ugradan wideo ýazgysyna hem tomaşa etdiler. Soňra şol wideo ýazgynyň üsti bilen Özbegistanyň milli konserwatoriýasynyň zalynda kamera orkestriň ýerine ýetirmeginde kompozitoryň sazy ýaňlandy.
Ýeri gelende bellesek kompozitor Igor Pinhasow Aşgabatda doglan. Ol 1988-1996-njy ýyllar aralygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem mugallym bolup zähmet çekdi.
Ogulnur SULTANOWA
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.