Halkara zenanlar güni mynasybetli “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde ýazgy edildi


      Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Miras teleýaýlymy bilen bilelikde “Halkara zenanlar güni” mynasybetli baýramçylyk dabarasyny ýazgy etdi.
     Ýurdumyzda bu ajaýyp bahar baýramy halkymyzyň gelin-gyzlara, ilkinji nobatda, mährem enelere bolan hormaty özünde jemleýän milli dessurlarymyz esasynda giňden dabaralandyrylýar. 
     Türkmen zenanlary asyrlaryň dowamynda haly dokamak, keçe basmak, keşdeçilik sungatyny dowam etdirip gelipdirler. Bu sungatlarda türkmen zenanlaryna mahsus çeperçilik öz beýanyny tapýar. Gadymy rowaýatlarda türkmen zenanlarynyň dutarda saz çalandyklary we kähalatlarda erkek bagşylardan hem ökde çykandyklary barada aýdylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda türkmen halyçy zenanlarynyň zehini bilen dutarda saz çalmak sungatynyň arasyndaky baglanyşyk inçeden beýan edilýär.
     Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlarynyň ruhy, aň-paýhas we ahlak mümkinçilikleri durmuş meselelerini çözmekde, medeni däpleri gorap saklamakda, ýaş nesli terbiýelemekde barha işjeň ulanylýar.
      Geçirilen bu ajaýyp dabarada zenanlaryň tutýan orny hakynda gyzykly gürrüňler edildi. Ajaýyp söbetleriň dowamy gelin-gyzlarymyzy, mährem enelerimizi wasp edýän aýdym-sazlara utgaşyp gitdi.
Ogulgeldi HEZRETGULYÝEWA
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm