Aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi
Berkarar döwletiñ Täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Şeýle dabaralaryň biri hem ýakynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň Magtymguly Pyragynyň goşgusyna döreden “Türkmen binasy” aýdymy barada, Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýew “Magtymguly” operasy barada, Türkmeniň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýew “Magtymguly” operasyndan Magtymgulynyň keşbini ýerine ýetirenligini, sahnadaky keşbi barada hem-de beýleki mugallymlar akyldar şahyr Magtymgulynyň goşgularyna döredilen halk aýdymlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gyzykly söhbetleriň dowamy halypalaryň ussat mugallymlaryň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen “Söwdigim”, “Näme sen”, “Aýa döndi”, “Delalat ýagşy”, “Uýat eýleýir”, “Armanym galdy” ýaly ajaýyp aýdymlara utgaşyp gitdi.
Saz söhbetli dabara oňa gatnaşyjylaryň öz ýürek buýsançlaryny Türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyş sözleri aýtmak bilen jemlendi.
Ogulnur SULTANOWA
«Sazşynaslyk» hünäriniň talyby