Aýdym bolup ýüreklere siňenim...


Ýakynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Şanyňa nesiller joşýar, Pyragy!” atly aýdym-sazly hor toparynyň çykyşlary ýazgy edildi. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ady bugünki gün geçmişini sarpalaýan, geljegine ynam baglaýan halkymyzda, eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylyp,  dünýä dolýar. Akyldar şahyrdan halkymyza miras galan setirler bolsa,  şygyr hem aýdym bolup kalplara siňýär. Muňa mysal, ýaňy ýakynda "Saz mugallymçylygy" hünärinde okaýan talyplardan düzülen hor topary halkymyzyň buýsanjyna öwrülen Arkadag şäherinde "Arkadag" teleýaýlymyna Magtymguly Pyragynyň sözlerine birnäçe aýdymlary täze öwüşginde halka ýetirmek maksady bilen ýazgy etdi. Çuň mana, pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri talyp ýaşlar ýokary derejede buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Elbetde, munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar babatynda alyp barýan beýik işleriniň aýdyň nyşany. Talyp ýaşlar bilen birlikde Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýewiň, Atajan Berdiýewiň ýerine ýetirmeginde döwrüň ösüşini wasp edýän aýdymlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Şeýle bagtly döwrüň waspçysy bolup eziz Watanmyzyň ösüşini dünýä ýaýmak, biz ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrýar. Şeýle aýdym-sazly zamanany peşgeş beren Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Ýurdumyzda ajaýyp owazlar belentden-belent ýaňlansyn!
                             Keýik  ARTYKOWA,
                                                        "Saz mugallymçylygy" hünäriniň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm