Magtymguly Pyragyň öwüt-nesihat goşgularyna bagyşlanan gepleşik
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň muzeýinde Miras teleýaýlymy bilen bilelikde Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň halypa mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Rejepdurdy Begenjow bilen “Bagşy joşa gelende” atly saz-söhbetli gepleşik ýazgy edildi. Gepleşikde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň eserlerinden öwüt-nesihat berýan goşgulary barada gürrüňdeşlik geçirilip, watanymyzyň ýaşlaryna edepli, göreldeli, ilhalar ýaşlar bolmagyny ündew edilip akyldar şahyryň goşgularyny okamaklygy bellenilip geçildi. Gepleşigiň dowamynda halypa Rejepdurdy Begenjow akyldar şahyrymyzyň “Rowan boldy”, “Galar”, “Näbilsin” atly aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Saz-söhbetli gepleşigiň ahyrynda okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdildi.