2023-nji ýylda aýratyn tapawutlanan ýaşlara Hormat hatlarydyr, sowgatlar gowşuryldy
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesilleriň durmuşy özgerden taryhy wakalar amala aşyryldy. Şol ýörelgelerden ugur alyp Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary döwlet derejesindäki geçirilen çärelere, bäsleşikdir festiwallara gatnaşyp mynasyp baýraklara eýe boldular.
Olaryň arasynda Bägül Maşadowa, Maksat Hudaýberdiýew döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda geçirilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşiginiň ýeňijileri bolup baýrakly sowgatlara mynasyp boldular.
Konserwatoriýamyzyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gülsoltan Döwletowa, okuwmyzyň talyplary Jemal Agajanowa, Döwran Gylyjow, Mansur Şarypow “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda aýratyn tapawutlanandyklary üçin ýaşlara Hormat hatlarydyr sowgatlar gowşuryldy.