Ýurdumyzda geçirilen Ýaşlar forumyna ýokary okuw jaýynyň talyplary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar


      2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabaraly çärä daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Olardan başga-da Türkkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyp ýaşlary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. 
      Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan bu forumda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda, oýlap tapyşda, sportda we bedenterbiýede, ykdysadyýetde, innowasion tehnologiýalar ulgamynda, oba hojalygynda türkmen ýaşlarynyň zehini, ukyp-başarnygy bilen ýetilen ajaýyp üstünlikler giňden ýaýbaňlandyrylypdyr. 
Dabaranyň dowamynda şahadatnamadyr, diplomlary ýokary derejede gowşuryldy. Olardan: Halkara küşt federasiýasynyň meýilleşdirmek we ösüş maksatnamalary komissiýasynyň maslahatçysy Bakyt Omurzakow halkara grossmeýsteriň adyna ýetmekde möhüm ösüşleri gazanandygy baradaky şahadatnamany Saparmyrat Atabaýewe gowşurdy. 
     Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan Türkmenistanda hususy pudagyň arasynda sanly özgerişlikleri üstünlikli öňe sürmekde, sanly ykdysdyýeti ösdürmekde we ýurduň sowatly ýaşlaryny goldamakda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň tagallalaryny ykrar etmek hakynda şahadatnamany we diplomy gowşurdy. 
Öwezmyrat JANMYRADOW 
"Sazşynaslyk" hünäriniň II ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm