Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi


      Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygy mynasybetli Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Bu dabara Daňatar Hydyrowyň maşgalasy, dostlary, kärdeşleri, muşdaklary olardan başga-da okuwymyzyň mugallymlary we talyplary ýygnandylar.
     Bu konsertde Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary, Nury Muhyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde kamera orkestri, Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallary ansambly, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar kwinteti, fortepiano eserleri we aýdymlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Begenç Gaýipow we konserwatoriýanyň talyplary ajaýyp aýdymlary bilen dabara şowhun berdiler. Konsert Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestri we hor toparynyň ýerine ýetirmeginde “ Gözel şäher Arkadag” eseri bilen açyldy. 
      Konsertde ussat kompozitoryň 19 eseri yzygiderlikde ýaňlandy. Olardan: ýörite fortepiano kafedrasynyň talyby Şaislam Kamiljanowyň ýerine ýetirmeginde 3 bölümli fortepiano üçin sonatina , şol kafedranyň talyby Abadan Meredowanyň ýerine ýetirmeginde öýkünmeler fortepiano üçin miniatýura, ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň talyby Dünýägözel Begaliýewanyň aýdym aýtmagynda “Owlajygym”, “ Bagyş et maňa”, şol kafedranyň talyby Baýramtäç Gandymowa “ Heder eýleme”, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýdym aýtmagynda “Gyratym”, halkara bäsleşiginiň laureaty Bahram Dolyýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary kwintetiniň sazandarlyk etmeginde Türkmeniň “Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Aman Amanowyň aýtmagynda “Aşyk bolmuşam”, kamera orkestriniň ýerine ýetirmegindäki “ Gadymy daglaryň rowaýaty” kinofilmden saz parçalary ýaňlandy.  
      Dabaranyň ahyrynda tomaşaçylar kompozitora gül sowgatlaryny gowşuryp, özleriniň minnetdarlygyny, konsertiň diýseň gyzykly geçendigini, lezzet alyp diňländiklerini aýdyp, kompozitora janynyň  sag bolmagyny, döredijilik ýolunda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edip ýadigärlik surata düşdiler. 
       Türkmen kompozitorlyk mekdebiniň döredijiligi özboluşly şahyrana owazlara ýugrulan güýçli wekilleriniň biri Daňatar Hydyrow ýaş kompozitorlara, sazandalara sapak berýär, olaryň öz hünärleriniň ussady bolmagyna, kemala gelmegine ýardam edýär. 

Ogulnur SULTANOWA,
                                                                               Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
                                                 konserwatoriýasynyň “ Sazşynaslyk”  hünäriniň 
      2-nji ýyl talyby.   

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm