Türkmen sazy-kalbyň owazy
Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Saz mugallymy” kafedrasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň 27-nji orta mekdebine özleriniň konsert çykyşlary bilen çykyş etdiler. Konsertde saz mugallymçylygy hünäriniň talyplaryndan düzülen hor topary, dutarçylar ansambly, fortepiano eserleri we ýekelikde aýdymlary ýerine ýetirildi. Konsertde ýerine ýetirilen şirin owazlar tomaşaçylar köpçüliginiň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Sözümiň ahyrynda “Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy” döwründe türkmen medeniýetiniň we sungatynyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza medeniýet we sungaty ösdürmekde biz ýaşlar üçin edýän atalyk aladalary üçin ýaş talyp kalbymdan sag bolsunymy aýdýaryn. Goý, olaryň elmydama janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn! Konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz mugallymçylygy hünäriniň talyby Keýik Artykowa alyp bardy.
Keýik ARTYKOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby.