«Çalsana, bagşy« bäsleşiginiň ýeňijileri «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwalynda.


      «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  taýsyz tagalllalarynyň netijesinde biziň  medeniýetimiz we sungatymyz barha pajarlap ösýär, özgerýär, ýaş zehinler ýüze çykýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem biziň ýaş nesillerimiz şu ajaýyp döwrümizde birnäçe döwlet derejesinde hem-de halkara ýaryşlarynda birnäçe baýrakly orunlara mynasyp bolýar. 
     İne şeýle ýaryşlaryň biri hem, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana bagşy» bäsleşigidir. Bu bäsleşige biziň ýokary okuw jaýymyzdan birnäçe talyp ýaşlar  gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Mälim bolşy ýaly, biziň  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda noýabr aýynyň çäginde “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly saz festiwalynyň geçirilýär. Bu noýabr aýynda bolsa biziň birnäçe zehinli talyp ýaşlarymyz öz zehinlerini görkezdiler. Şeýle konsertleriň biri hem «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän“Çalsana,bagşy”atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň konserti boldy. Bu bolsa şu aýyň ilkinji konserti boldy. Ýagny, Maýa Kulyýewa  adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy “fakultetiniň  III ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew hem-de şol fakultetiň «Bagşy» hünäriniň IV ýyl talyby Göwher Tuhyýewanyň bilelikdäki konserti geçirildi. 
Konsertiň başynda Göwher Tuhyýewa  türkmen halk aýdymy «Atça bolmaz» diýen eseri bilen açdy.
       Soňra bolsa  Göwher Tuhyýewa «Gördüňmi» ,«Unutma», «Söýmüşem», «Janlarym», «Tabşyrdym» ýaly   salyr-saryk ýolunda aýdylýan aýdymlary   örän ezberlik we ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bagşy gyzyň joşgunly owazynda aýdylan bu aýdymlar bolsa  tomaşaçylaryň şowhunly, gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.Bu ýaş zehinli talyba onuň halypa mugallymy, ýagny «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy  Maýa Kulyýewa  adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Garýagdy Saryýew hem-de «Türkmeniň Altyn asyry»  bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana bagşy»  atly bäsleşiginiň geçen ýylky  ýeňijisi Maýa Kulyýewa  adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Türkmen sazy» kafedrasynyň mugallymy Myrat Aşyrow, we «Halk sazy»  fakultetiniň «Türkmen sazy» hünäriniň  II ýyl talyby Kerim Pirnepesow dagylar sazandarlyk etdiler. 
       Göwher  Tuhyýewa öz çykyşyny «Köne güzer» atly türkmen halk aýdymy bilen jemledi. Ýatlatsak, bu halk aýdymy talyp gyza bäsleşikde ýerine ýetirip, oňa ýeňiş getirdi. Bu eserde  talyp  bagşy gyz salyr-saryk ýolunyň inçe tärleridir, syrlaryny açyp  görkezdi. Bu aýdym çeküwli, kyn we çylşyrymly aýdym bolandygyna garamazdan, Göwher bu eseri  örän ýeňillik bilen ýerine ýetirdi. Bu bolsa tomaşaçylaryň has-da şowhunly  elçarpyşmalardyr gutlagyna  mynasyp boldy.
Göwheriň çykyşyndan soňra ýene bir talyp bagşy oglanymyz ýagny, şol  bäsleşiginiň ýeňijisi Maýa Kulyýewa  adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» fakultetiniň  III ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew hem çykyş etdi. Ol bu  öz çykyşynyň  başyny Türkmen halk aýdymy «Gara göz» atly aýdymyny ýerine ýetirdi.
         Soňra  Türkmen halk aýdymy «Göwnüm»,«Senemiň», «Al Senem» ýaly eserlerini örän ussatlyk bilen ýerine ýetirdi hem-de tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Bu talyp ýigide  dutar saz guralynda «Halk sazy» fakultetiniň V ýyl talyby Jumageldi Alyýew hem-de gyjak saz guralynda «Halk sazy» fakultetiniň I ýyl talyby Gurbangeldi Saparow dagylar örän erjellik bilen sazandarlyk etdiler. Konsertiň soňunda türkmen halk aýdymy  «Maral geldi» diýen bäsleşikde ýerine ýetiren aýdymy bilen jemledi. Onuň bu eseri bilen uly şatlyk-şowhuna, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp  bolup,  konserti  jemledi. Konserti «Halk sazy» fakultetiniň II ýyl talyby Arslan Şiriýew şowhunly alyp bardy. 
      Sözümiň soňunda «Arkadag  Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda  «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana,bagşy”atly bäsleşiginiň ýeňijileri bolan, ýagny Maýa Kulyýewa  adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy “fakultetiniň  III ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýew hem-de IV ýyl talyby Göwher Tuhyýewa mundanam beýläk medeniýet we sungat ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

Osman Sapargeldiýew,  
Maýa Kulyýewa adyndaky
 Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
«Halk sazy» fakultetiniň III ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm