Dil bäsleşigi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň hepdeliginiň 3-nji güni, ýagny 2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda rus dili dersinden “Знатоки русского языка” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige III ýyl talyplar gatnaşdylar. Bu gyzgalanly bäsleşik dört tapgyrdan ybarat boldy. Bäsleşikde kafedranyň mugallymlary emin agza bolup gatnaşdylar. Gatnaşyjylar bije esasynda 6 sany talypdan ybarat bolan 3 sany topara bölündiler, şeýle-de bäsleşigiň şertlerine görä goşgyny labyzly okamak, öz hünäriň bilen tanyşdyrmak, aýdym aýtmak we sahna ýerine ýetirmek boýunça çykyş etdiler.
Bäsleşigiň gyzgalaňly geçirilmegi rus dili dersi boýunça amaly bilimleriniň umumy derejesini barlamak we kämilleşdirmek, dünýägaraýyşlaryny ösdürmek, söz baýlyklaryny, ylym-bilim derejelerini artdyrmak we rus dilini suwara bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we döredijilik ukyplaryny açyp görkezmek esasy maksady bolup durýar.
Şeýle bäsleşikleriniň gurnalmagy talyp ýaşlarda bilim almaklyga bolan höwesini artdyrýar. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza talyp ýüregimizden jan saglygyny, il-ýyrt bähbitli ähli tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.
Mähri GURBANGULYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaşlyk” hünäriniň 3-nji ýyl talyby