Sungata siňen ömür


      Professional aýdym-saz ussatlary tarapyndan çuňňur hormatlanýan halypamyz Berdinýaz Rejepmedow Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň açylan gününden bäri netijeli zähmet çekip köp sanly professional sazandalary terbiýelän hünärmendir.                             
      Ol çagalyk we ýetginjeklik ýaşlarynda Maýa Kylyýewa adyndaky TMK-yň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internadynda Russiýanyň at gazanan artisti Ý.Oleýnikowyň ,konserwatoriýada bolsa Özbegistanyň Döwlet akademiki simfoniki orkestriniň solisti,Özbegistanyň at gazanan artisti,professor U.Rozakulowyň klasslarynda terbiýelenýär.
    Talyplyk döwründe bolsa orta Aziýa we Türki döwletleriň arasynda geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp konkurs lawurýaty hökmünde Moskwanyň P.I.Çaýkowski adyndaky we öňki Leningradyň Rimski-Korsakow adyndaky konserwatoriýanyň professor W.Petrowyň we Russiýanyň sungatda at gazanan işgäri professor Suhanowyň klaslarynda öz tejribesini,ýerine ýetirijilik ussatlygy has-da ösdürýär.
       Habarowsk şäherindäki serkerdeler öýünde aýdym-saz we tans ansamblynyň hatarynda gulluk edip,şäherdaki syngat institudynyň “Harby orkestr drižýorlyk” fakultetinde gurallama we orkestr bilen praktiki işlemek dersleri boýunça öz teoretiki we praktiki tejribesini baýlaşdyryp ýokary professional orkestrleriň we ansambyllaryň hünärmeni atly ada mynasyp bolýar.
     Berdinýaz Rejepmedow Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň orkestriniň solisti, Türkmen Döwlet sazçylyk mekdebiniň direktory, Konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internadynyň drektory,Türkmen milli konserwatoriýanyň prorektory,üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar kafedrasynyň müdiri wezipesinde işlap örän köp sanly professional sazandalary terbiýeläp olara ak pata beren halypa sazanda-mugallymlaryň biridir.
      Halypanyň elinde terbiýe alan sazandalaryň içinde halkara festiwallaryň we bäsleşikleriň lawurýatlary,hormatly atlaryň eýeleri,Döwlet sylaglary bilen sylaglanan ýokary derejeli hünärmenler kändir.Olardan:Tahyr Ahmedow,Aman Potdyýew,Islam Akmyradow,Emil Hydyrow,Nariman Guseýnow,S.Maginskiý,M. Mämmedow,Ýusup Öwezow,Türkmenistanyň at gazanan artisti Sabir Rizaýew,Türkmenistanyň sungatda at gazanan medenýet işgäri Wladimir Serikow dagylaryň atlaryny tutup geçmek ýerliklidir.
  Sazçylyk we ýörite sazçylyk mekdeleriniň,konserwatoriýanyň talyplary üçin metodiki serişde görnüşinde düzülen maksatnamalar ,gollanmalar,ýygyndylar,hrestomatiýalar ýaş sazanda-mugallymlar  tarapyndan okuw prosesinde giňden ulanylyp,repertuwar ýetmezçiligini kanagatlandyrmaga kömek edýändir.
    Köp ýyllaryň dowamynda milli we halkara bäsleşikleriň emin agzalar toparynyň agzasy hökmünde bäsleşikleri guramaklyk işlerine işjeň gatnaşmaklygy we ýeňijileri taýýarlandygy üçin ol orta Aziýa we Gazagystan döwletleriniň medenýet ministrlikleriniň hormat hatlary bilen sylaglady.Halypa SSSR-iň medenýet ministrliginiň “Göreldesi”,Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri,Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-yň Dosendi,Döwlet baýraklarynyň eýesidir.Milli Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli halypamyza Hormaatly Prezidentimiz “Gaýrat” medaly bilen sylaglady.Bu pursatda biziň hemmämiziň başymyz göge diredi.
     Ynha, bu ýyl hormatly halypamyz Berdinýaz Rejepmedow 18-nji dekabrynda 80 ýaşyny doldurýar.Biz halypa mugallymlar we talyp deň-duşlarymyz bilen onuň ýubileý ýaşyna uly konsert taýynlaýarys.Men hem öz gezegimde halypamyzyň doglan gününe niýetläp orkestr üçin täze saz guralladym.Konsertde bu eseriň birinji primerasy bolar.Biz ýaş hünärmenler şeýle ussat sazanda mugallymyň elinde tälim alýandygymyza diýsen guwanýas,begenýäs.Bize bildirilýän ynamlary ödäris diýip ynandyrýarys.
    Hormatly Prezidentimiziň okuwyň hilini yzygiderli gowlandyrmak,gözýetimi giň,talaba laýyk ýaş hünarmenleri terbiýelemek hakynda edýän aladalaryna jogap edip halypamyzyň mundan beýläk hem işjeň zähmet çekip öz baý terbiýesini ýaşlara siňdirjegine berk ynanýarys.
      Pursatdan peýdalanyp hormatly halypamyza tüýs ýürekden jan saglyk,professional saz sungatynda ýaş sazandalary ýetişdirmekde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýäris. 
        Döwran Gylyjow.
 Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-yň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar” kafedrasynyň  4-nji ýyl talyby 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm