Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halkara üstünlikleri ýazgy edildi


      2023-nji ýylyň 6-10-njy oktýabr aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýaş wekilleriniň arasynda XVII Delfiý oýunlarynyň bäsleşigi geçirilip, saz sungaty ugry boýunça Türkmenistanyň ýaş sazandalary bu halkara bäsleşiginiň ýörite diplomlaryna we medallaryna mynasyp boldular, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Orkestr saz gurallary” fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Seýran Atanyýazow skripkaçylaryň arasynda Halkara bäsleşiginiň diplomanty Stella Faramazowanyň sazandarlyk etmeginde  üstünlikli çykyş edip, kümüş medala eýe boldy. Onuň hünär mugallymy “Kirişli saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Näzik Saryýewa.
     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Erjel Ýagşymyradow üstünlikli çykyş edip, bürünç medala eýe boldy. Onuň hünär mugallymy “Fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan  artisti Wladimir Mkrtumow, şol fakultetiň 5-nji ýyl talyby Amanowa Merjen Nury Halmammedow adyndaky geçirilen “Dutaryň owazy” festiwal bäsleşiginde  2-orna mynasyp boldy, hünär mugallymy Türkmenistanyň halk artisti Annamyradowa Orazgül,  kafedra müdiri Mähri Orazowa.
     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kuwwat Ýowbasarow Kazan federal uniwersitetinde uzak aralykdan sanly ulgam arkaly “Saz sungaty we şekillendiriş ugry” boýunça geçirilen halkara bäsleşiginde II derejeli laureaty adyna eýe boldy. Ylmy ýolbaşçysy Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Gurbanowa Jemile.
     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň „Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy“ fakultetiniň  Opera sungaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Begaliýewa Dünýägözel Nury Halmammedow adyndaky geçirilen “Dutaryň owazy” festiwal bäsleşiginde 1-orna mynasyp boldy, hünär mugallymy Zanna Saýýan, sazandarlyk etdi Darçiýa Ýekaterina.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm