Nusagawy aýdym-saz agşamy.


      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ” ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamy hem uly-uly ösüş we özgerişleriň belentliklerine ýetýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrirligi we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyn bilelikde gurnamagynda 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň   16-sy-20-si aralygynda Lebap welaýat Ýörite sungat mekdebinde, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebinde okuw-usuly işlerini geçirmek hem-de agzalan ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde we Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary tarapyndan taýýarlanylan konserdi bilen cykyş etdiler. 
     Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestr bilen bilelikde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “ Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu konsert maksatnamasynda birnäçe türkmen kompozitorlorynyň eserleri şeýle-de häzirki zaman daşary ýurt dünýä belli aýdym- sazlary ussatlarça ýerine ýetirildi. Konsert türkiýe halkynyň “Üsküdara gideriken” eseri bilen başlandy.”Konsertda ýaňlanan eserler täsirli bolup, Wiwaldiniň “ Ýyl pasyllary ’’ saz toplumyndan, “ Gyş ” we “Tomus ” -III bölümi (tazeden işlän Maks Rihter) eseriniň solosyny “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Bahram Dolyýew ýerine ýetirdi. Soňra konsertda rus kompozitory Sergeý Wasilýewiç Sirotiniň romansynyň ýaňlanmagy, saz agşamyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Eser hyýaly häsiýete eýe bolup, arzuwçyl duýgulary suratlandyrýar. “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýew türkmeniň zehinli kompozitory Nury Halmammedowyň “Aýgytly ädim” kinofilminden “Artygyň aýdymy ” eseri bilen çykyş etdi. 
     Konsert Begenç Moşşyýewiň ýerine ýetirmeginde “Bella Ciao ” diýen italiýanyň halk aýdymy bilen jemlendi. Şeýle hem orkestriň sazandarlaryna dabaraly we şowhunly el-çarpyşmalar ýaňlandy. Saz sungatymyzyň we medeniýetimiziň pajarlap ösmegi ugrunda edýän atalyk aladalary üçin Mähriban Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýüregimizden sag bolsun aýdýarys.
Ogulgeldi Hezretgulyýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň III ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm